IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: çiller enjamyny satyn almak we gurnamak

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi şu aşakdaky lotlar boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot №1 — Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 202-nji ýaşaýyş jaýyna 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak boýunça işleri geçirmek;

Lot №2 — Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 207-nji ýaşaýyş jaýyna 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak işlerini geçirmek;

Lot №3 — Aşgabat şäheriniňArçabil şaýolunyň ugrundaky 88-nji jaýa 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak boýunça işleri geçirmek.

— Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg her Lota 200 amerikan dollary möçberinde (goşulan baha üçin salgyt hasaba alynmadyk) ýa-da degişlilikde, manat hümmetinde kesgitlenendir. Bäsleşige gatnaşmak üçin tölenen tölegler yzyna gaýtarylmaýar.

— Bäsleşik teklipleri bildirişiňgazetde çap edilen gününden başlap, 7-nji iýulda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

— Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tabşyryklary hat üsti bilen ýüzlenilenden soňra berler.

— Bäsleşik tekliplerine tölegler hasaplaşyk hasabyna gelip gowşanyndan soňra serediler.

— Bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär: täjirçilik teklibi (diňe tölegler baradaky maglumatlar) we tehniki teklip (beýleki ähli gerek bolan resminamalar toplumy).

Gyzyklanma bildiren taraplar “Türkmenaragatnaşyk” agentligine şu salgy boýunça ýüzlenip bilerler:

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 88-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312) 44-91-92; faks belgisi: (+99312) 44-93-19;

elektron salgysy: thowpmin@online.tm

 

Bäsleşik: teatrlaryň durkuny täzelemek

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!