Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Mary welaýat häkimliginiň buýurmagynda Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda täze 3000 orunlyk sadaka jaýyny gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 20-sine çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.