SIZDEN GELENLER

Bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyry geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» atly tema boýunça geçirilip, oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan şeýle hem Aşgabat şäherinden saýlanyp alnan zehinli okuwçylar gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň netijeleri boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy  Yhlas Hallyýew we  Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa ikinji tapgyryň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň bijeli sowallara berýän jogaplary, olaryň ýokary derejede taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Bu barada bäsleşigiň ýeňijisi Aýnur Döwletýarowa şeýle diýýär:–«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine men hem gatnaşyp ýeňiji bolmak bagtyna eýe boldum. Bäsleşige ýokary derejede taýýarlanmakda mugallymymyň orny örän uly. Men bäsleşik üçin orta mekdep kitaplaryndan 6-11-nji synplaryň «Türkmenistanyň taryhy» we «Dünýä taryhy» derslerinden taýýarlandym. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplaryndan geçmiş taryhymyza degişli gymmatly maglumatlary okadym. Mekdep okuwçylarynyň arasynda şeýle bäsleşigiň geçirilmegi täze zehinleriň ýüze çykmagyna uly itergi berýär. Bäsleşigiň indiki tapgyrlarynda gatnaşjak deň-duşlaryma hem uly üstünlikleri arzuw edýärin. Ýeňijiler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle-de bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna institutymyzyň degişli şahadatnamalary we hemaýatkärler bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti  tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

22-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady