ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Bäşgeldi Garajaýew: Dekorasiýa sungatynyň ussady

«Paýtagtymyzdaky «Şekillendiriş sungaty» muzeýinde şeýlebir üýtgeşik sergi guraldy. Sergä dürli ugurdan tanymal halypalaryň köpüsi barypdyr. Sen näme üçin barmadyň? » diýip, telim gezek gaýtalan tanşymdan kimiň sergisi guraldy? — diýip soradym. Ol: — «Däli Domrul» sahna oýnunyň suratkeşi şu ýyl 75 ýaşaýar. Şol suratkeşiň ýubileý sergisi guraldy — diýip jogap berdi. Türkmen teatr dekorasiýasyna uly goşant goşan suratkeş Bäşgeldi Garajaýewiň şahsy sergisi guralandygyny bildim. Sebäbi ol dürli ýyllarda dürli teatrlarda sahnalaşdyrylan oýunlaryň bezeg işlerini ýerine ýetirip mynasyp işler bitiren halypa. Köplenç teatrlara oýun görmäge barýan. «Däli Domrul» sahna oýnuna bolsa, telim gezek tomaşa etdim. Şol sebäpli zehinli sahna suratkeşi gaýybana tanaýan. Onuň döredijilik ýolunyň aýratynlyklary hakynda içgin bilmek, öwrenmek üçin ýakynda maşgala ojagyna söhbetdeşlige bardyk.

Mundan bäş ýyl öň suratkeşiň ýaş toýuna bagyşlap dramaturg Hudaýberdi Bäşimow goşgy ýazypdyr. Bir gezek iş ýerine baranymda ol: «Bäşim Garajanyň döredijiligi şahyr bolmasaňam goşgy ýazdyrjak» diýip güldi-de: «Bäşimiň işine ussatlygynyň aýratynlygy şol ugurdan ýokary bilim alyp, tebigy zehininiň üstüni ýetirdi. Sahna bezeglerini nämeden, nähili ýasamalydygyny oňat bilýär. Eseriň çözgüdiniň uly jogapkärçiligine režissýor bilen deň derejede jogap berýär. «Däli Domrul» sahna oýnunda törlügiň titräp durşy adam ýüregi ýalydyr. Gahrymanlaryň üçki dünýäsiniň duýgusy, tolgunmasy bilen sazlaşyp duran sahna bezegini döretmek giň düşünjeli ýiti zehine bagly» diýip pikirini aýtdy. Şonda oňa Berdi akga, hany, ýazan goşgyňyzy bize-de okap ber! — diýip haýyş etdik. Onuň sadaja sözler bilen taryplap, ýazan goşgusynyň käbir bendi häzirem ýadymda.

«Bäşim aga, Bäşim aga!

Gutly bolsun ýaşyň, aga!

Aga diýsem gaty görme,

Ýaş ýigitsiň, ýok-ýok çaga.

 

Bir gün işden galman gijä,

Ýetdiňiz uly derejä,

Biz bu gün Bäşim Garaja,

Diýýäs Ussat, Ussat aga!..».

Öz ýanymdan Bäşim aganyň maşgala ojagyna baran badyma şol goşgyny aýtsam, Berdi akgaň goşgusydygy ýadyna düşermikä? — diýip pikir öwrüp howlusynyň jaňyny basdym. Derwezäniň gapysyny onuň körpe ogly Alp Arslan açdy. Ol kakasynyň dynç alşa çykyp, hossarlaryny görmek üçin dogduk obasyna gidendigini, ýene iki sagatdan dolanyp geljekdigini  aýtdy. Onsoň biraz garaşmaly bolduk.

Alp Arslan kän zatlary gürrüň berdi. Ol: — Kakam on doganyň biri.    Maşgalada bäşinji perzent bolany üçin adyna Bäşgeldi dakypdyrlar, ýöne Bäşim ady ýörgünli. «Çeper senetçilikde meşhurlygy bilen tanalýan obamyzyň hünär saýlamagymda uly täsiri bar. Kiçiligimden döredijilik mekdebiniň içinde ösdüm. Uly agalarym agaçdan sandyk, şkaf, eşik asylýan, çaga sallançagy, araba ýaly  öý goşlaryny ýasardylar. Aýal doganym bolsa, olaryň daşky bezeg işlerini haşamlap, tebigy ösümlikleriň keşbi bilen nagyşlardy. Şeýle nepis sungatyň jadylaýjy güýji ünsümi çekdi. Doganlaryma kömekleşip, olaryň ýasaýan öý goşlaryna bezeg işlerim bilen goşulasym gelýärdi. Özümçe dürli şekiller bilen bezäp, nagyşlary şekillere görä atlandyryp täzelik tapmaga çalyşýardym. Ynha, şeýle gyzyklanmalarym hünäre ugrukmagyma, hünär saýlamagyma ýardam etdi. Talyp döwrümde mugallymlarymyň ýolbaşçylygynda galamda hem reňkde surat çekmäge, teatr taslamalaryny tapmaga erjel ýapyşýardym, köp okaýardym. Sebäbi pýessalaryň many-mazmunyna pugta düşünjek bolsaň köp okamagy talap edýärdi» diýip, kakam käwagt gürrüň berýär. Öýümiziň diwaryny tutup duran tekjedäki kitaplar kakamyň irginsiz okaýan kitaplary. Ejem, kakam kitaby köp okaýar. Onsoň menem kitap okamaga kän ýykgyn edýän» diýip, Alp Arslan gürrüňini dowam etdi. Ol kakasynyň döreden eserleri bilen tanyşdyrdy. «Üç ýüze golaý dürli temadan dürli ölçegdäki döredilen eserler. Bu eserleri kakamyň dosty halypa suratkeş Berdiguly Amansähedowyň ugrukdyrmagy bilen sergä taýýarladyk. Kakamyň «Daglar» atly döreden peýzaž eseri ejemiň iň gowy görýän eserleriniň biri. Ejem: «Ol eseri synlamda, dogduk obamyň daglarynda gezen çagalygym ýadyma düşýär» diýip, babamyň çopançylyk kärinde işländigini, çopan itleriniň häsiýet aýratynlyklary hakynda gürrüň berýär. «Kakaň döreden bu eseri käte sahnada keşp döredemde-de, özümi göýä dag tebigatynyň gözellikleriniň arasynda ýaly duýup, ruhy ganat berýär» diýýär. Sungatyň ähli ugry biri-biri bilen baglanyşykly — diýip täsirli gürrüň berdi. Ondan maşgala durmuşlary hakynda soradym. — Kakamyň iki ogly dört agtygy üç çowlugy bar. Uly agam telekeçi. Men Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurymy. Gelnim Hurmagözel Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň talyby. Bir ogul perzendimiz bar, ady Mälik Şa. Ejem Jahan Täçgeldiýewa paýtagtymyzdaky Baş akademiki drama teatryň artisti — diýip tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Jahan Täçgeldiýewany «Sen söýseň meni» atly sahna oýnunda döreden «Jaýtygül» keşbi bilen tanaýaryn.

Gürrüňdeşlige gyzyp iki sagat wagtyň nähili geçeninem duýmandyrys. Bäşgeldi aga myhmançylykdan geldi. Uzak ýoldan gelen ýaşulyny ýadatman derrew onuň özi hakynda aýdan gürrüňlerini ýazgy etdik.

Halypa suratkeş Bäşgeldi Garajaýew 1949-njy ýylyň 12-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Gökje obasynda doglan. Ol 1964-1969-njy ýyllarda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesiniň teatral-çeperçilik bölüminde okaýar we Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedow bilen Şamuhammet Akmuhammedowdan tälim alýar. Uçilişäni üstünlikli tamamlap 1969-1972-nji ýyllar aralygynda Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda işleýär. Onuň bu teatrda ilkinji ýerine ýetiren işi 1969-njy ýylda gyrgyz dramaturgy Mar Baýjyýewiň eserine režissýor Durdymämmet Oraýewiň sahnalaşdyran «Duel» spektaklynyň dekorasiýasydyr. Turuwbaşdan işjanlylygy tebigy zehinli suratkeşiň hünär kämilligini barha taplap ugraýar. Onuň öz hünärine bolan söýgüsi, täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ol öz hünärinden düýpli bilim almagy maksat edinip, 1972-1977-nji ýyllarda Moskwanyň M. Gorkiý (häzirki A. P. Çehow) adyndaky çeperçilik akademiki teatrynyň ýanyndaky W.I. Nemirowiç-Dançenko adyndaky mekdep-studiýasynda (ýokary okuw jaýynda) ssenografiýa we teatral tehnologiýalar bölüminde okaýar.

Talyplyk ýyllarynda alan bilimi, zähmet ýolunda toplan tejribesi onuň döredijiligini has baýlaşdyrýar. Ol eýýäm 1974-nji ýyldan başlap ýurdumyzyň çäginde hem-de bütinsoýuz we halkara derejesinde guralýan sergileriň ençemesine gatnaşýar. 1977-1983-nji ýyllarda Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda baş suratkeş bolup işleýär. Bu bolsa onuň alyp barýan işinde jogapkärçiligini has-da artdyrýar. 1977-nji ýylda ol bu teatrda Türkmenistanyň halk artisti, režissýor Abdylla Ýakubowyň sahnalaşdyrmagynda Wsewolod Wişnewskiniň «Optimistik pajygasy» pýessasynyň dekorasiýasy üçin SSSR-iň Suratkeşler Birleşiginiň diplomyna, 1979-njy ýylda režissýor Aman Kömekowyň sahnalaşdyrmagynda T. Grigorýanyň «Guguşyň operasiýasy» pýessasynyň dekorasiýasy üçin ýurdumyz boýunça paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen teatr festiwalynda diploma mynasyp bolýar.

Bäşgeldi Garajaýew 1983-nji ýylda Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda öz hünärinden talyplara bilim berýär we şol ýyldan 1989-njy ýyla çenli  «Türkmenistanyň teatr işgärleriniň çeperçilik gaznasy» döredijilik-önümçilik birleşiginde işleýär. Döredijilik özboluşlylygy bilen tapawutlanýan suratkeşiň her bir eseri muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Onuň naýbaşy eserleri 1987-nji ýylda Moskwada guralan Bütinsoýuz kino-teatr sergisinde görkezilýär. Şeýlelik bilen ol 1988-nji ýylda SSSR Suratkeşler Birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Oňa daşary ýurtlaryň ençemesinde iş saparlarda bolmak miýesser etdi. Dünýäni görmek, meşhur sungat, döredijilik işgärleri bilen pikir alyşmak tejribäň artmagynda uly ähmiýet berýär. Bäşgeldi Garajaýewiň daşary ýurtlara bolan iş saparlary döredijiliginiň ösmeginde aýratyn orun tutýar. Ol haýsy ýerde işlese-de döredijilik onuň hemişelik hemrasy bolup, işini kämilleşdirmek, döredijiligini baýlaşdyrmak esasy maksady boldy. Şahsy sergi gurap, tomaşaçylar bilen pikir alyşmak onuň döredijiliginiň kämillik derejesini barha ýokarlandyrdy. Şol sebäpli ol şahsy sergisini guramagy yzygider dowam etdi. 1991-1994-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň «Jan» Ýaşlar eksperimental teatr-sdudiýasynyň baş suratkeşi bolup işledi we 1991-nji ýylda ol bu ýerde şahsy sergisini guraýar. Bäşgeldi Garajaýew halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin döwlet sylaglarynyň birnäçesi bilen sylaglandy. 1993-nji ýylda «Däli Domrul» sahnasynyň dekorasiýasy üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. 2001-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Mundan başga-da ol dürli ýyllarda bäsleşiklere gatnaşyp birnäçe baýraklara we diplomlara mynasyp boldy. Režissýor Kakajan Aşyrowyň sahnalaşdyrmagynda «Gorkut Ata» eposy esasynda goýlan «Däli Domrul» sahna oýnunyň dekorasiýasy üçin diýarymyzyň «Älemgoşar» teatr — festiwalynyň birinji derejeli diplomy bilen, 1992-nji ýylda Daşkent şäherinde geçirilen bäsleşikde «Däli Domrul» sahna eseriniň dekorasiýasy üçin «Nowruz -92» Merkezi Aziýa we Gazagystan regional festiwalynyň birinji derejeli diplomy bilen, sylaglanýar. 1990-njy ýylda režissýor Täçmämmet Mämmetweliýewiň sahnalaşdyrmagynda  Han Akyýew bilen Baýram Gurbanowyň pýessasy esasynda goýlan «Baba Gammar» sahna oýnunyň dekorasiýasy üçin diýarymyzyň «Älemgoşar» teatr festiwalynyň birinji derejeli diplomy bilen sylaglanýar, şeýle hem ol Daşkent şäherinde «Nowruz» — Merkezi Aziýa we Gazagystan regional festiwalynyň çäklerinde özbek ssenograflary bilen bilelikde guralan sergä gatnaşýar. «Däli Domrul» pýessasy bilen döredijilik iş saparynyň çäginde ençeme daşary ýurtlarda iş saparda bolýar hem şol saparlaryň çäginde London teatrynda şahsy sergisini guraýar. Ol 1989-njy ýylda Hindistanda, 1991-1993-nji ýyllarda Türkiýede, Russiýada, Finlandiýada, Belgiýada, 2015-nji ýylda  Birleşen Arap Emirliklerinde döredijilik iş saparlarynda boldy.

Bäşgeldi aga zähmet hem durmuş ýoly hakynda kän zatlar gürrüň berdi. Onuň döredijilik bilen bagly aýdan pikirleri has-da täsirli. Ol: «Başlangyç ädimlerimden meniň üçin dekorasiýalarda amaly-haşam sungatymyza mahsus bolan çugdamlygy, milliligi we monumentallygy gorap saklamak möhümdi. Emma gynansakda, bu başlangyçlarymyň milli teatr  dekorasiýa sungatyna ýetiren täsiri köp ýagdaýda bähbitli bolmady. Ýaş suratkeşleriň, dekoratorlaryň käbirleriniň işlerinde halk sungatyna bolan ýiti söýgi, şahyrana duýgulardan üstün çykyp, detallaryň agdyklygy bilen esasy pikiri basýar. Bularyň ählisi ahyrynda manysyzlyga we gelşiksizlige alyp barýar. Adatça biz teatryň işine naturadan ýerine ýetirilýän iş hökmünde garaýarys. Biz ilki bilen taýýarlyk nabroskalary, etýudlary ýerine ýetirip, soňra dekorasiýalaryň üstünde döredijilikli işleýäris. Emma men teatrda elmydama diňe bir teatr sahnasy bilen däl, eýsem ruhy giňişlik birleşen toparyň düzülmegini isleýärdim. Bu bolsa aňsat iş däl. Sebäbi geljekki sahnanyň keşbi hemmeler bilen birlikde döredilýär ahbetin» diýip düşündirdi.

Hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz Bäşgeldi aga özüniň ýubileý toýy mynasybetli ýakynda çap bolan kitabyny sowgat berdi. Şol kitapda onuň döredijiligi hakynda kärdeşleriniň, bile işleşen dürli kärdäki sungat wekilleriniň aýdan pikirleri bar. Suratkeşiň dosty hem goňşusy halypa ssenograf Berdiguly Amansähedow: «Bäşimiň jogapkärçiligi, edepliligi we sypaýylygy mugallymlary guwandyrýardy. Olar köplenç ony beýleki talyplaryň öňünde görelde goýýardylar. Ol toparbaşçy hökmünde giçki surat çekmek okuwyny ýola goýup, eýýäm şol döwürde  kursdaşlarynyň arasynda öz «ýüzi» bilen tapawutlanýardy. Bu ýokary okuw jaýy beýleki mekdeplerden bilim-terbiýe beriş ýoly bilen tapawutlanýardy. Ol ýerde talyplary dürli döwrebap akymlardan gorap, olara tehnologiýa boýunça köp bilim berilýärdi. Şonuň üçin olar teatry «içinden», bizden — surikowçylardan» has içgin bilýärler. Bäşim okuwy bilen utgaşykly sahnalary bezemegi dowam edip, hemişe teoriýany tejribe bilen sazlaşdyrýardy. Elbetde, şeýle tejribe Türkmenistanyň teatr suratkeşleriniň başga hiç birinde hem bolan däldir. Bäşimiň döredijilik aýratynlygy dekorasiýalaryň eskizlerini döredende, improwizasiýalara ýer goýup, keşplere ýaňzytma berýär. Işiň dowamynda bolsa, olary has täsirli çeper serişdeler bilen baýlaşdyrýar. Muny hem ol  ýönekeý we ýatda galyjy görnüşde çözýär. Heýde, «Seýdi», «Görogly», «Baba Gammar», «Däli Domrul» ýaly oýunlary suratkeşiň özüne çekiji dekorasiýalaryndan we kostýumlaryndan üzňe göz öňüne getirip bolarmy? Meniň pikirimçe bu mümkin däl. Bäşimiň Türkmenistanyň teatr äleminde orny agramlydyr we ähmiýetlidir. Onuň ady Haky Allaberdiýew, Annageldi Kulyýew ýaly teatr suratkeşleriniň atlary bilen bir hatarda durandyr. Ol türkmen teatr-dekorasiýa žiwopisiniň däplerini dowam etdirenleriň we şol bir wagtyň özünde döwrebap türkmen ssenografiýasyny esaslandyranlaryň biridir. Ol sahnanyň ideýa we many-mazmunyna, keşbine uly üns berip, diňe bir wakanyň bolup geçýän ýeri, döwri barada pikir aýlaman, eýsem döwrüň simwolynyň umumylaşdyrma biliminiň üsti bilen bir bitewi keşp hakynda pikirlenip başlaýar. Bu bolsa ssenografiýanyň ýoludyr. Bäşgeldi Garajaýewiň sungaty teatr-dekorasiýa  žiwopisi bilen ssenografiýanyň arasyndaky köpri bolup hyzmat edýär. Elbetde, şeýle köprüsiz biz ýaly ssenograflar bolmazdy…» diýip, kärdeşiniň döredijiligine buýsanç bilen uly baha berýär.

Bäşgeldi aga 1994-1997-nji ýyllarda Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işleýär. Ol bu ýerde işlän döwründe-de, öz ukyp başarnygyny filmlerde döreden bezeg işleri bilen subut edýär. Bu babatda onuň döredijiligi hakynda kino režissýor Sahysalyh Baýramow: «Meniň üçin Bäşgeldi Garajaýew  hakyky suratkeş, özboluşly gözel dünýäni ýaradyjydyr. «Toba» atly kino filmiň surata düşürilen wagtynda ol bize ýaş aktýorlara bilimiň iň jogapkärli we kyn ädimini başlangyjyny berdi. Onuň dekorasiýalary bizi birmeňzeşlikden, ýüzleýlikden, göçürmelerden, illýustratiwlikden daşlaşdyrdy. Olar erkinlik duýgusyny berip, tolgundyryp, öz kärimize bolan söýgimizi oýardy» diýip ýatlaýar. Diňe şu mysalyň özünden hem onuň halypa-şägirtlik ýolundaky hyzmatyna göz ýetirmek kyn däl.

Bäşim aganyň döredijiligine onuň sahna hem kino eserlerinde bitiren işlerini galamda hem reňkde döreden eserlerini synlanyňda-da göz ýetirip bolýar. Ýöne şol ugurdan halypalaryň aýdýan gürrüňleri has-da täsirli. Bäşgeldi aga zähmet ýolunda dürli teatrlarda işläp, birnäçe režissýorlar bilen işleşýär. Ol 2006-2008-nji ýyllarda A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda-da işleýär. Her teatryň öz iş ýörediş aýratynlygynyň bolşy ýaly režissýorlaryň hem öz işleýiş aýratynlyklary bar. Sahnalara dekorasiýalaryň göçme manylygy täsirli kostýumlaryň reňk baýlygy üstünlik getirýän esasy aýratynlyk. Suratkeşiň režissýorlar bilen düşünişip işleşmegi, olaryň döredijilik gözlegleriniň umumy netijesinde şowlulyk getirýär. Halypa suratkeşiň işleşen režissýorlarynyň ählisem oňa diňe gowy tarapdan baha berýärler. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režissýor Bilbil Mämmedow  2009-njy ýylda Oksana Rozumyň pýessasy boýunça sahnalaşdyrylan «Jadyly paklawaçjyk» atly çagalar oýnunyň bezeg  işleri bilen bagly Bäşim aganyň döredijilik başarnygyny şeýle düşündirýär: «Körpejelerimiziň kalbynda gözellik duýgularyny oýarmak üçin olaryň çaga dünýäsine aralaşmaly. Bäşim bize biri-biriniň üstüni doldurýan täsirli sahna bezeginiň taslamalarynyň birnäçesini hödürledi. Sahnada aktýorlar hiç hili oňaýsyzlyk duýman, uly höwes bilen işlediler. Perde açylanda sahna bezegine gözi düşen çagalaryň begenjiniň çägi ýokdy. Her gezek oýun gutarandan soň çagalar sahna çykyp çyna berimsiz ýasalan arçalaryň ýanynda, üstüni gar  bürän depeleriň arasynda aýlanyp bökjeklärdiler, surata düşerdiler. Meniň pikirimçe, bu ajaýyp jadyly dünýäniň döredilmegi suratkeşiň ussatlygynyň netijesidir.

«Görogly» şadessany halkymyzyň aňyna çuňňur ornan eser. Oňa bagyşlanan sahna eserler ýurdumyzyň dürli teatrlarynda goýlan. Bu bizden uly jogapkärçiligi talap edýärdi. Eseriň derejesini peseltmezden, öňkülere meňzemeýän täze bitewi, ynandyryjy çözgüt tapmak bize zerurdy. Men Bäşimiň bäş sany gapy bilen «Göroglynyň sawçylary» sahnasynda tutuş bezegiň çözgüdini tapyşyna haýran galdym. Ol gapylar her gezek ýerlerini üýtgedenlerinde başga görnüşe geçýär duruberýär» diýip, režissýor Bäşim aga bilen işleşmegiň zehin babatda-da, adamkärçilik babatda-da onuň hakyky halypadygyny suratlandyrýar.

Režissýorlar islendik zat hakynda gürrüň berenlerinde-de, suratlandyryp, aýdýan gürrüňlerini göz öňüňde janlandyrýarlar. Bäşgeldi aganyň döredijilik aýratynlygy hakynda Türkmenistanyň halk artisti režissýor Täçmämmet Mämmetweliýew: «Bekge Pürliýewiň eseri boýunça «Wyždan» atly sahna oýnuny goýduk. Bäşgeldi Garajaýew tötänden açylyp ýapylýan gapyly, ýykylýan diwarly ýaşaýyş jaý görnüşindäki nähilidir bir täsin gutyny düzmegi teklip etdi. Bu öýüň «açar» bilen gulplanan syry öz-özlerine gaplanyp, onuň ýaşaýjylarynyň islegine garamazdan, tötänden açylyp biri-birleri bilen jet bolan, biri-birine düýbünden ýat bolup giden ýakyn maşgala agzalaryny «açarsyz» goýýar. Şol döwür üçin dekorasiýalaryň şeýle täsin giňişlik-metaforiki çözgüdi, nyşanlaryň we göçme manylaryň üsti bilen sahna salynmagy Mary teatryna bolan umumy garaýşy düýbünden üýtgetdi. Soňra 1989-1991-nji ýyllarda Garajaýew Aşgabadyň Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş suratkeşi bolup işlän döwründe-de, bile işleşdik. Ol Han Akyýewiň pýessasy boýunça sahnalaşdyran «Baba Gammar» atly oýnumyzyň dekorasiýasyny ýerine ýetirdi. Dekorasiýa birde-hä düňderilen gazany, birde-de ýarym şary ýatladýar. Oňa adamlar dyrmaşyp, çykyp, süýşüp münýärler, süýrenip aşak düşýärler, aşaklygyna ýykylyp ýene-de ýokaryk ýetmek üçin emedekläp münýärler.Ýöne ol ýere ýetip, ýene-de aşak inýärler, ýere düşýärler we bu başagaýlygyň aňyrsynda dutaryň gamgyn heňdäki  jadylaýjy owazy ýaňlanýar. Suratkeş özboluşly älemi — salgymy döredýär, bu ýerden Baba Gammaryň we halkyň pirli senedi dutaryň onki süňňüňi bogun-bogun yzarlap barýan owazy eşidilýär. Meniň pikirimçe, Garajaýew heniz doly açylmadyk teatr suratkeşidir. Onuň dünýä gözelliklerini, nyşanlaryny çuňňur milli kabul etmekligi bolsa, dutaryň sesi bilen owazlanyp, «Durmuş» atly syrly gutyny açyp bilerdi. Ol rehimdar, käte çaga ýaly sadadan ýuwaşdyr, käte teatryň zalym dünýäsi manysynda aýdanymda «Durmuşda» goragsyzdyr» diýýär.

Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewem Bäşgeldi aga bilen işleşen artistleň biri. Ol: «1987-nji ýylda instituty gutaryp kärdeşim Oraznepes Öweznepesow bilen Marynyň Kemine adyndaky drama teatra işe bardyk. Şol ýerde režissýor Täçmämmet Mämmetweliýew bilen bile işlemeli bolduk. Käte onuň bilen Aşgabada bile gelýärdik. Bir gün altylyk awtoulagda otyrkak, «Owadan» hyzmat ediş öýüniň duralgasyna ýetdik welin, Täçmämmet birden howlukmaç: «Hon-ha meniň gözläp ýören adamym, ýör, düşeli ulagdan» diýdi. Kimkä diýdim. Şol Bäşim Garaja eken. Soň onuň bilen bile işleşmek miýesser etdi. Täçmämmet  Ýaş tomaşaçylar teatrynda «Baba Gammar» atly oýun sahnalaşdyrdy. Men şol oýunda Habyp mollanyň roluny oýnadym. Halypamyz Hommat Müllük, Bäşim Garajaýew üçimiziň şo mahallar bile düşen suratymyz ýadygärlik galdy. Bäşim aga «Baba Gammar» oýnunda ýaş tomaşaçylar teatrynyň kiçijik sahnasyny şeýlebir üýtgetdi welin, tanar ýaly bolmady. Ol has ulalyp, giňeldi. Men suratkeşiň gadymy tebigatyň kosmiki giňişligini döredişine haýran galdym. Bäşim aga milli teatr sungatymyza kosmiki sahna ssenografiýanyň bezegini getirdi. Ol «Däli Domrul» eseriniň üsti bilen milli sungatymyzyň dünýä çykmagyna goşant goşdy. Ol juda işeňňir adam. Biz onuň bilen döwürdeş işgär, häzirem bile dost» diýip gürrüň berdi.

Şu ýerde «Bäşgeldi Garajaýew» atly kitabyň awtory  Altyn Baýlyýewanyň: «Garajaýewiň döredijiligine diňe onuň dekorasiýalarynyň eskizlerine, teatral kostýumlaryna üns berip seretmek arkaly, onuň bezän sahnalaryny, kinofilmlerini seljermek bilen mynasyp baha berip bolar. Bu halkymyzyň özboluşlylygyny, onuň durmuşyny, edebiýatyny we sungatyny çuňňur duýýan suratkeşiň baý içki dünýäsine has ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. Onuň döredijiligi žurnalist Miwe Nobatowanyň aýdyşy ýaly: «…çuňňur duýgulardan doly bolup, öz göwnaçyklygy bilen özüne çekijidir. Suratkeşiň dünýä bolan garaýşy gapma-garşylykly däl, emma bu awtoryň durmuşy hadysalaryň we adam kalbynyň çuňlugyna aralaşmakdan gaça durýanlygyny aňlatmaýar. Suratkeş olara sazlaşygy gözleýär, gözläp hem tapýar» diýip ýazan jümlelerini ulanmagy ýerlikli bildim. Ol: «1990-njy ýyllarda ýurdumyzyň dürli teatrlarynda işlemek bilen Bäşgeldi Garajaýew dekorasiýalarda şekilleriň çugdamlygy hem-de taslama giňişlikleriniň arassalanan tekizlikleriniň üsti bilen öz içki erkinligini ýüze çykarmaga, özüniň özgeren duýgularyny görkezmäge çalyşýar» diýip belläpdir. Kitaby okap halypa suratkeşiň döredijiligi hakynda kän maglumatlara göz ýetirdim. Dogrusy, onuň döredijiligi hakynda käbir zatlary asla bilmeýän ekenim. Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda geçirilýän baýramçylyklar mynasybetli guralýan Döwlet çäreleriniň 2002-2024-nji ýyllar aralygyndaky ençeme dekorasiýasynyň awtory eken. Ol birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň önümçilik kombinatynyň direktory bolup işläp, ýakynda zähmet dynç alşa çykypdyr.

Suratkeşiň ogly Alp Arslandan kakaňyzyň döredijiligi babatda haýsy işlerini ilkinji orunda goýasyň gelýär? — diýip soradym. Ol: «Kakam dürli ýyllarda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda, Türkmenistanyň Baş drama teatrynda we beýleki teatrlarda işledi, ýöne meniň üçin onuň aýratyn bitiren işleriniň biri Döwlet çäreleri mynasybetli guralýan harby ýörişlerdäki ulaglaryň bezegleri hem-de esasy syýasy sahnalaryň bezegi, uly köşkleriň sahna tutularynyň bezeglerini ýerine ýetirip eden işleri ilki göz öňüme gelýär. Mundan başga-da dürli ugurlara degişli döredijilik folklor tans toparlaryň lybaslarynyň bezeg işleriniň awtory. Dürli döwürlere degişli eserleriň gahrymanlarynyň kostýumlarynyň taslamalaryny döretmek üçin, taryhy juda gowy bilmeli, munuň üçin bolsa kakam taryhy kitaplary kän okaýar. Umuman, kakamyň döredijiliginiň muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanmagy diýseň buýsandyrýar. Janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýan» diýip sözüni jemledi. Şol pursat ýazyjy Hudaýberdi Bäşimowyň:

«Uzak-uzak bolsun ýaşyň!

Mydam belent bolsun başyň,

Hormat goýýar içiň-daşyň,

Kärdeşleriň Bäşim aga!» diýen setirleri ýadyma düşdi. Ýagşy dileglerden göwünler güllesin!

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi