JEMGYÝET

Başga saýýaralylar barmy?

Ýakynda Tehas şäherinde (ABŞ) «SpasceX» kompaniýasynyň Marsa uçurmaga niýetlenilýän täze älem gämisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda kompaniýanyň ýolbaşçysy, amerikaly milliarder Ilon Maskyň gaýry saýýaraly gelmişekler barada aýdanlary dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi.

«Meniň pikirimçe biz ― adamlar älem giňişligindäki ýeke-täk akylly jandarlar. Eger gaýsy saýýaralarda ýaşaýan akylly jandarlar bar hem bolsa, biz heniz olaryň yzyna gabat gelmedik. Men nähilidir bir alamat görýänçäm, bu gürrüňleriň myş-myşdan başga zat däldigine bolan ynanjymda galaryn».

Onuň aýtmagyna görä, Internet äleminde ýaýran «51-nji zolak» baradaky gürrüňler hem myş-myş. Dünýäniň hiç bir ýerinde harbylar tarapyndan goragda saklanylýan gelmişekler ýok.

Ilon Maskyň bu dabarada aýdan ýene bir maglumatyna ünsi çekmek gerek. Onuň we kärdeşleriniň hasaplamalaryna görä, Gün şöhleleriniň Ýeri ýok etmegi üçin ýene 100 million ýyl gerek. Şonuň üçin hem adamzat Mars we şuňa meňzeş saýýaralary öwrenmegi dowam etmeli.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady