DÜNÝÄ

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OIC) Baş sekretary  Hissein Brahim Taha guramanyň Baş sekretariatynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammet Aýazowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy.

Baş sekretar täze bellenen hemişelik wekilini bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady we üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem, Gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, Türkmenistanyň sebit we halkara derejede parahatçylygy hem-de ynamy berkitmekde öňe sürýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny aýratyn belledi.

Öz gezeginde hemişelik wekil Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy  we onuň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de Guramanyň işlerine işjeň gatnaşmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar