JEMGYÝET

Baş arçasynyň yşyklaryny ýakyldy

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.

Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Täze ýyl günleri bu ajaýyp baýramçylygyň aýdyň alamaty bolan Baş arçanyň oturdylan ýeri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny bellän hem-de bu senesi Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna giren türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täsin künjekleriň birine öwrüldi.

Her ýyl körpe aşgabatlylar Aýazbabany we onuň agtygy, wepaly hemrasy Garpamygy merkezi Täze ýyl arçasynyň ýanynda garşylaýarlar, köp garaşdyran myhmanlary ýurdumyzyň baş şäheriniň barha özgerýän keşbinde tamamlanyp barýan ýylda bolup geçen özgertmeler bilen tanyşdyrýarlar.

Ine, bu gün hem baýramçylyk görnüşinde bezelen Täze ýyl kerweniniň ýörite ugry Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygyndan badalga alyp, şäheriň täze etrabynyň çäginden geçýär. Bu ýerden türkmen paýtagtynda gurulýan täze binalaryň ajaýyp görnüşi açylýar. Olaryň biri häzirki zaman “Aşgabat” söwda we işewürlik merkezidir, bu ýerde şäher ýaşaýjylarynyň, esasan-da, çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Soňra Aýazbaba we Garpamyk kabriolet awtomobilinden ak gar ýaly paýtuna münüp, ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber atly ýigitleriniň, şeýle hem ajaýyp görnüşde bezelen iki gat awtobusdaky körpeleriň ugratmagynda Täze ýyl baýramynyň öň ýanyna mahsus keşbe giren Aşgabadyň köçeleri boýunça gezelenji dowam edýärler.

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary bilen ýalkym saçýar. Onuň ýanynda ertekiler dünýäsini ýada salýan, hemmeleriň söýýän baýramynyň barha ýakynlaşýandygy aýratyn duýulýar.

Täze ýyl baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun hem-de şadyýan aýdymlar bilen garşylaýarlar.

Elbetde, şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýyl dabarasynyň esasy pursady çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy boldy. Dürli öwüşginli köp sanly çyralar täsin, şadyýan hem-de ruhubelent Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaşýandygyny habar berýärler.

Dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Täze ýyly garşylamak dabarasyny gaýtalanmajak hem-de ýatda galyjy çärä öwren bu täsin baýramçylyk dabarasy ulularda we çagalarda uly täsir galdyrdy.

 

Ýene-de bir argentinalynyň gözýaşy: futbol bilen hoşlaşyk

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri