SPORT

«Barselona» topary Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Ispaniýanyň Superkubogyny almak ugrundaky ýaryşda “Barselona” topary bilen “Real Madrid” topary duşuşykda. Duşuşyk 3:2 hasabynda “Barselona” toparynyň üstünligi bilen tamamlanyp, topar 16-njy gezek bu arzyly kubogyň eýesi boldy.

Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Rafinýa (36-njy we 72-nji minutlarda) hem-de Robert Lewandowski (45+4) geçirdi. Utulan toparda bolsa Winisius (45+2) we Gonsalo Garsiýa (45+6) tapawutlandy.

«Barselonanyň» futbolçysy Frenki de Ýong (90+1) gyzyl kartoçka aldy.

«Barselona» toparynyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik baş tälimçi hökmünde sekizinji finalynda ýeňiş gazandy. Nemes hünärmeni final duşuşyklarynda henize çenli bir gezek-de utulmandy. Olaryň bäşisinde Germaniýanyň «Bawariýa» klubuna, üçüsinde bolsa «Barselona» toparyna ýolbaşçylyk etdi. Flik katalon klubuny 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri türgenleşdirýär.

Ispaniýanyň Superkubogy 2019/20-nji möwsüminden bäri mini ýaryş görnüşinde geçirilýär. Adatça onda ýurduň çempiony we wise-çempiony, şeýle hem milli kubogyň ýeňijisi bilen finalçysy gatnaşýar. Emma geçen möwsümde «Barselona» iki ýaryşy hem utdy, «Real» bolsa iki bäsleşikde-de kümüş medala eýe boldy. Şonuň üçin şu ýylky Superkubokda soňky milli çempionatda üçünji we dördünji orunlary eýelän toparlar gatnaşdylar.

Ýarym finalda «Barselona» «Atletik Bilbao» toparyny 5:0 hasaby bilen derbi-dagyn etdi, «Real» bolsa bu tapgyrda «Atletikony» 2:1 hasaby bilen utdy.

Katalon we Madrid klublary yzygider dördünji gezek bu ýaryşyň finalynda duşuşdylar. 2023-nji we 2025-nji ýyllarda «Barselona» üstün çykdy (3:1, 5:2), 2024-nji ýylda bolsa «Real» ýeňiji boldy (4:1).

Ispaniýanyň Superkubogy 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ýaryşyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan klub «Barselona» bolup, onuň hasabynda 16 kubok bar. «Real» bu görkeziji boýunça 13 kubok bilen ikinji orunda durýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder