SPORT

“Barselona” Obemeýangy aldy, “Real” Mbappe alýar

Ispaniýanyň iki ägirdi düzümini güýçlendirýär. Esasy bäsdeşler bolan “Barselona” topary Angliýanyň “Arsenal” toparynyň hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýangy satyn alan bolsa, “Real Madrid” topary bolsa, “PSŽ” toparynyň fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe bilen ylalaşdy.

Gabonly futbolçy Pýer-Emerik Obameýang “Arsenal” topary bilen şertnamasyny ýatyrdy. Ol erkin futbolçy hökmünde “Barselona” toparyna geçer.

Pýer-Emerik Obameýangyň lukmançylyk barlagyndan geçendigi, onuň şertnamasynyň möhletiniň 1,5 ýyl bolup, hepdelik zähmet hakynyň 5 müň ýewro barabardygy mälim edildi.

Obemeýang “Arsenal” toparynyň içindäki tertip-düzgüni bozandygy üçin geçen ýylyň dekabrynda toparyň kapitany wezipesinden çetleşdirildi. Ol toparyň düzüminde soňky duşuşygyny 6-njy dekabrda geçirdi.

Umuman, “Barselona” topary Ispaniýanyň çempionatynda, galyberse-de Ýewropada özüniň ozalky güýçli topar derejesine gelmek üçin düzümini has-da güýçlendirmegi maksat edinýär.

Ozalky futbolçysy Hawiniň tälimçilige glemegi bilen, toparyň ozalky futbolçylary yzyna gelip başlady. Dani Alwesden soňra Adam Traore Angliýanyň “Wulwerhempton” toparyndan kärendesine alyndy.

Şeýle hem “Barselona” topary özüniň derwezebany Inaki Penany möwsümiň ahyryna çenli Türkiýäniň “Galatasaraý” toparyna kärendesine berdi. Futbolçynyň zähmet hakyny türk topary tölär.

MBAPPE “REALA” GEÇÝÄR

“Real Madrid” topary “PSŽ” toparynyň fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe bilen 2022-nji ýylyň tomsunda şertnama baglanyşar. “Bild” gazetiniň habaryna görä, fransuz futbolçy ýylda 50 million ýewro gazanar we iň köp hak tölenýän futbolçy bolar.

Topar bilen fransuz futbolçynyň arasynda gazanylan ylalaşyk Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygyndan soňra mälim ediler. Belli bolşy ýaly, çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda “Real Madrid” bilen “PSŽ” toparlary duşuşar.

 

Emeli aň suratdan naharyň kaloriýasyny kesgitlär

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder