SPORT

“Barselona” düzümini güýçlendirýär

Ispaniýanyň “Barselona” topary özüniň düzümini güýçlendirýär. Toparyň düzümi “Çelsi” toparynyň ozalky goragçysy Andreas Kristensen we “Milan” toparynyň ýarymgoragçysy Fransk Kesse bilen güýçlendi.

Bu iki futbolçy katalon toparyna erkin futbolçy hökmünde geçdi. Her iki futbolçy 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy.

“Barselona” toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä. Kristenseniň we Kesseniň şertnamalarynda bu futbolçylaryň transfer edilmeginiň bahasy 500 million ýewro hökmünde görkezildi.

Kristensen – “Brondbýu” toparynyň ýetişdiren futbolçysy bolup, “Çelsi” toparyna 2012-nji tomsunda geçdi. Ol iňlis toparynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 160 duşuşykda oýnady. Şeýle hem Ol Daniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 57 duşuşykda oýnady. “transfermarkt.de” portaly 26 ýaşly goragçynyň bahasy 35 million ýewro hökmünde kesgitledi.

Kesse 2019-njy ýylyň tomsundan bäri “Milan” toparynyň düzüminde çykyş edýärdi. Ol “Milan” toparynyň düzüminde 223 duşuşykda oýnady we geçen möwsümde çempion bolmagy başardy.

 

Eýfel diňi poslaýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy