SPORT

“Barselona” 4 futbolçysy bilen hoşlaşýar

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Felipe Koutinýo ýanwarda toparyny terk edýär. Şeýle hem ýanwar aýyndaky gyşky transfer döwründe ýene-de 3 sany futbolçy goýberiler.

“Barselona” toparynyň täze tälimçisi Hawi gyşky trasfer döwründe topardan gitjek futbolçylary kesgitledi. Olaryň hatarynda Felipe Koutinýo hem bar. Braziliýanyň zähmet haky topardaky iň ýokary hakdyr. Şonuň üçin topar has gysga wagtda Koutinýony satmagy meýilleşdirýär.

Hawi şol bir wagtda hüjümçi Lýuk De Ýong bilen hem hoşlaşmakçy. Niderlandly “Sewilýa” toparyndan kärendesine alnypdy. Futbolçy bilen kärende şertnamasy ýatyrylar.

Şeýle hem goragçy Samuel Umtiti hem-de derwezeban Neto bilen hoşlaşýar.

 

“Omikron” Eýran hem gelip ýetdi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi