BILIM

Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi

Balkanabat şäherinde “Kämil mugallym – kämil nesil” atly mugallymlaryň festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Kämil Bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi.

Festiwalyň çäklerinde usulyýet sapaklary guraldy. Olarda ýaş nesle döwrebap bilim bermekde emeli aňdan peýdalanmagyň, daşary ýurt dillerini okatmagyň, sapakda wagty dogry ulanmagyň we synpy dolandyrmagyň usulyýeti barada tejribeler alşyldy.

Şeýle hem çäräniň dowamynda okuw merkeziniň diňleýjileriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňladyryldy. Bu ýerde guralan sergide robot tehnikasy, mental arifmetika şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmak boýunça taýýarlanan esbaplar görkezildi.

Bu festiwal mugallymlaryň özara tejribe alyşmaklary, okatmagyň täzeçe usullary bilen tanyşmaklary üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi – diýip, guramaçylar bellediler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular