DÜNÝÄ

Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Türkiýe, Yrak we Özbegistan türkmenlerinden wekiller hem-de alymlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmenleriň gelip çykyşy barada durup geçip, iň gadymy türk halklaryndan biri bolan oguzlar barada söhbet etdiler we türkmenleriň ata-babalarynyň geçmişde uly döwletleri esaslandyrandyklaryny bellediler.

Taryhynyň kynçylykly döwürlerine garamazdan türkmenleriň hemişe parahatçylyk söýüjilikli, bitarap we dostlukly gatnaşyklaryň medeniýetini öňe sürendiklerini bellenildi. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýaly bu ýörelgeler Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem, bu simpoziumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyryş dabarasynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Tailand gözeli – “Dünýä gözeli 2025” baýragyny gazandy

Pakistanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistana sapary