DÜNÝÄ

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Türkmen Lideriniň Bahreýn Patyşalygyna 2011-nji ýylda amala aşyran resmi sapary, Bahreýniň Patyşasynyň 2019-njy ýylda Türkmenistana döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly sahypalar boldy. Iň ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat goýan möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine Serdar Berdimuhamedow saýlandy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini belledi.

Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa soňky ýyllarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanandygyny belläp, milli Liderimize Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine mundan beýläkki işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Bahreýniň Patyşasyna hoşniýetli sözler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen mähirli gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwlet Baştutanynyň başyny başlan syýasatyny dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa dostluk we doganlyk däplerine, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljekde-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Fahriýa Aliýewa: sungata bagyşlanan ömür

 

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy