JEMGYÝET

Bagdad Amreýew: doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat gelip gowuşdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew milli Liderimize iberen hatynda Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Ilki bilen, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygyňyz üçin çuňňur hoşallyk bildirýärin.

Bu sammit halkara jemgyýetçiligiň hem-de türki döwletleriň ünsüni çekdi. Siz ýokary derejedäki bu duşuşygyň türki döwletleriň raýdaşlygynyň we bitewüliginiň pugtalanmagynda aýratyn, taryhy ähmiýetiniň boljakdygyny dogry bellediňiz.

Türkmenistanyň bu sammite gatnaşmagy onuň keşbine täzeçillik çaýdy hem-de Türki Döwletleriň Guramasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky öňdengörüjilikli çözgüdiňiz, hakykatdan-da, Siziň ýurduňyz bilen türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde “Türki dünýä garaýyş — 2040” resminamasynda berkidilen geljekki maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşup biler.

Şunuň bilen baglylykda, Sekretariatyň söwda gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek boýunça täze ylalaşyklaryň, ähli sebit ulag geçelgelerini herekete getirmek üçin erkin söwda hakynda köptaraplaýyn ylalaşygy baglaşmagyň, strategik energetika hyzmatdaşlygyny kemala getirmegiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça syýahatçylyk ýollaryny giňeltmegiň, täze portlary döretmegiň, Maýa goýum gaznasynyň netijeli işini üpjün etmegiň üstünde işleýändigine Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn.

Doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň türki dünýäniň has-da ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

 

Noziri YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady