JEMGYÝET

BAE Türkmenistanyň tebigy gazyny sebit ýurtlaryna ibermek taslamasyna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ikinji gününde Dubaý şäherinde birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda iki ýurduň birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň 3-nji tapgyrynyň özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden hem-de olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligindne ybaratdyr.

Gol çekilen resminama:

  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr).

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary