DÜNÝÄ

BAE-niň nobatdaky missiýasy nirä?

Birleşen Arap Emirlikleriň Premýer-ministri Muhammed ben Raşid Al Maktum özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda, Birleşen Arap Emirlikleriň Aýa gözleg maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi. Emirlikler tarapyndan döredilen Aý gözleg moduly, 2024-nji ýylda öňki ylmy tabşyryklary öz içine almaýan ugurlary öwrenmek üçin Aýyň üstüne gonar, diýip Premýer-ministr belleýär.

Premýer-ministriň kakasyna, Dubaý şäheriniň hökümdary bolan Raşid ibn Said Al Maktuma bagyşlap, bu enjamyň adyny “Raşid” diýip atlandyrdylar. Şol mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleri Aý meýilnamasyny ösdürmekde dünýäde dördünji we Arap ýurtlaryň arasynda birinji oruny eýelär. Premýer-ministriň bellemegine görä, Ýeriň tebigy hemrasyndan alnan maglumatlar we suratlar dünýäniň gözleg merkezlerine geçiriler.

Şu ýylyň iýul aýynda Birleşen Arap Emirlikleri, “Al Amal” atly hemrasyny Mars planeta iberdi. Bu hemra, Gyzyl planetanyň atmosferasyny we howa şertlerini, şeýle hem Ýerden iki esse uzak dowam edýän Marsyň üýtgeýän pasyllaryny öwrenmek maksady bilen ugradyldy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi