DÜNÝÄ

BAE Marsa zond iberer

Birleşen Arap Emirlikleri Mars planetasyna kosmos zonduny iberer. Bellenip geçilişi ýaly, ozal diňe ABŞ, Hindistan, Russiýa we Ýewropa kosmos gullugy Marsa ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin kosmos zonduny üstünlikli iberip bildiler.

Häzirki wagtda Hytaý bilen arap dünýäsinden BAE ilkinji gezek kosmos zonduny Marsa ibermäge taýýarlyk görýär.

Marsa iberiljek zond Gyzyl planetanyň howasynyň dinamikasy barada düşünje berer, şeýle hem bu planeta barada möhüm maglumatlar edinmäge mümkinçilik berer.

Birleşen Arap Emirlikleriniň bu babatda ABŞ-nyň ýokayr okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda kosmos zonduny taýýarlady. Bu zondy gysga wagtda Marsa ibermek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly,  Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň golaýynda Marsa meňzeş şäherçe döretmek göz öňünde tutulýar. Bu şäherçäniň gurluşygy üçin 136 million dollar sarp ediler. Onda Mars planetasynyň şertlerinde suwy we azyk harytlaryny, şeýle hem energiýany saklamagyň usullary öwreniler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri