DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň iň garry saýlawçysy 124 ýaşynda

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlarda ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýew bilen ýene-de 6 dalaşgär döwlet baştutany wezipesini üçin bäsleşýär.

Ýurtda saýlaw möwsümi başlanyp, saýlawçylary hasaba almak işleri geiçirildi. Şoňa laýyklykda, ýurduň iň garry saýlawçysy 124 ýaşyndaky Bari Nabiýewa hökmünde hasaba alyndy.

“Secki-2024.az” garaşsyz metbugat merkeziniň habar bermegine görä, 1900-nji ýylda doglan Bari Nabiýewa Agdaş sebitindäki 93-nji saýlaw okrugynda saýlawçylaryň hatarynda hasaba alyndy.

Häzirki wagtda Azerbaýjandaky saýlawlar üçin 153 halkara synçylar hasaba alnyp, olar 31 halkara guramalara wekilçilik edýärler.

Azerbaýjanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermegini guramak üçin hem degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Munuň üçin Azerbaýjanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň binýadynda saýlaw uçastoklary döredilýär.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri