2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, Azerbaýjan Türkmenistan “swop” görnüşinde satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy. Bu görkeziji 2,4 göterim artdy – diýip, “ABC.AZ” neşiri habar berýär. Degişli döwürde Azerbaýjan umumy bahasy 31,33 million dollara deň bolan 208,87 million kubmetr tebigy gaz aldy.
Neşiriň habar bermegine görä, tebigy gazyň bahasy hem ýokarlandy. 2023-nji ýylyň başynda Azerbaýjan Merkezi Aziýadan alýan tebigy gazynyň her bir müň kubmetrine 140 dollar töleýän bolsa, üstümizdäki ýylda bu 150 dollar çykaryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan günbatar döwletlerine tebigy gazy 369 dollardan satýar we bu satyn alýan tebigy gazyndan 219 dollar ýa-da 59 göterim köpdür.
Azerbaýjan türkmen gazyny Eýranyň üstünden “swop” görnüşinde alýar. Bu barada degişli ylalaşyk 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilipdi. Şol döwürde her ýyl 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazyny almak meýilleşdirildi we soňky ýyllarda bu görkezijini 3-4 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutuldy.
2023-nji ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan 1,517 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy.
