SPORT

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

Azerbaýjanyň «Turan Towuz» futbol topary baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçilikligi işjeňleşdirdi. Bu barada Azerbaýjanyň sport neşirleri habar berýär.

Häzirki şertnama 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli güýjünde galýar.

Bu karara toparyň üstünlikli netijeleri we Azerbaýjan çempionatyndaky liderligi sebäpli gelinendigi bellenilýär.

Mundan başga-da, klubyň ýolbaşçylary Berdiýewiň şertnamasyny azyndan üç ýyl möhlet bilen we has gowy şertler bilen täzeden teklip etmegi meýilleşdirýärler.

«Turan Towuz» topary hünärmen Gurban Berdiýewiň toparyň ösüşine goşan goşandyny ýokary baha berýärler we ony klubyň uzakmöhletli ösüş strategiýasynyň esasy şahsyýeti hökmünde görýärler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi