DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Azerbaýjanyň Atçylyk sporty federasiýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmen atlary” döwlet birleşigi atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekdiler.

Azerbaýjanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň habar bermegine görä, resminama bu ugurda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, hünär tejribesiniň alyş-çalşyny üpjün etmäge hem-de bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Ähtnamanyň düzgünlerine laýyklykda, taraplar atçylyk sporty we degişli atçylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatdaky meýillerini mälim etdiler. Ylalaşyk tehniki we maslahat beriş goldawyny görkezmegi, maglumat alyş-çalşyny amala aşyrmagy, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerine gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem resminamanyň gol çekilmegi degişli hünärmenleriň halkara sergilere, “tegelek stol” duşuşyklaryna we beýleki çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, işgärleri taýýarlamaga hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuwlaryň, seminarlar we maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, ähtnama Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşar, bu pudagyň halkara giňişliginde öňe ilerlemegine ýardam eder hem-de gol çekilen gününden başlap 5 ýyl möhlet bilen hereket eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi