JEMGYÝET

Azat Nazarow: “Makul sözlük” iňlis dilini öwrenýänler üçin ýeňillik

Häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen deň hatarda, ylmyň hem dürli pudaklary düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Elbetde, şeýle özgertmeler dil biliminiň hem dürli ugurlaryna özüniň täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda, Garaşsyzlygymyzyň esasy alamatlarynyň biri bolan türkmen diliniň ösmegine, baýlaşmagyna we kämilleşmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Türkmen diliniň örüsi barha giňeýär. Türkmen diline, edebiýatyna, medeni mirasyna bolan gyzyklanma hem güýçlenýär. Dürli okuw gollanmalary, sözlükler we okuw kitaplary yzygiderli taýýarlanylýar. Halkara gatnaşyklary giňelýär we dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk ösýär.

Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky aragatnaşyk serişdesi bolup durýan dünýä dilleri öwrenmäge hem isleg barha artýar. Bu babatda halkara aragatnaşyk serişdesi hökmünde, iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti has-da uludyr. Şu günki gün, çagalar baglaryndan we orta mekdeplerden başlap tä ýokary okuw jaýlaryna çenli bu halkara dili öwretmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hususy dil merkezleri hereket edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, “Makul iňlisçe-türkmençe sözlügiň” çapdan çykmagy hem ene dilimiziň ösmegine we onuň geriminiň giňemegine, şeýle-de iňlis dilini öwrenýänlere ýeňillik döretmek üçin edilen umumy tagallalaryň biridir. Sözlügiň beýleki ugurlar bilen birlikde, hukuk, işewürlik, ykdysadyýet, oba hojalygy, lukmançylyk, sport, emeli aň ýaly ugurlara ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine almagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar, çünki ýöriteleşdirilen adalgalar diňe bir hünärmenleriň däl-de, eýsem şol pudaklar bilen gyzyklanýan islendik adamyň hem işini ýeňilleşdirýär. Şeýle sözlükleriň köpçülige elýeter bolmagy dilleri öwrenijiler üçin hem uly sowgatdyr.

Sözlük ulanyjylar üçin peýdaly hem gyzykly bolar bolar, diýip umyt edýärin we ony düzmekde zähmet çeken ähli adamlara öz minnetdarlygymy bildirýärin.

Azat Nazarow, dilçi.

 

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

 

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy