SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aýratyn zähmet şertlerinde işleýän lukmanlara goşmaça hak tölener

Türkmenistanda aýratyn zähmet şertlerinde işleýän saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça hak töleniler. 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyna «Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine» laýyklykda, zyýanlylyk we agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.

Şeýle hem hormatly Prezidemtimiz ministr N.Amannepesowa aşakdaky ugurlar boýunça tabşyryklary berdi:

― “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ulgamy depginli ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri has-da güýçlenmeli;

― döwrüň talabyna laýyklykda, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmeli;

― ilata edilýän hyzmatlaryň, derman serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça degişli işler alnyp barylmaly;

― ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy durnukly saklamak, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça zerur işler geçirilmeli;

― raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi we ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmeli;

― dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kliniki merkezleri, lukmançylyk okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmeli;

― saglygy goraýyş ulgamyna ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we dikeltmegiň täze innowasion usullaryny ornaşdyrmaly, raýatlarymyza lukmançylyk kömegini bermek ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmeli;

 ýurdumyzda derman we beýleki saglygy goraýyş serişdeleriniň önümçiligini giňeldip, bu işe halkara derejesinde belli önüm öndürijileri, daşary ýurtly maýadarlary çekmeli.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy