SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aýagyň ujunda durup horlanmak mümkinmi?

Ýuta ştatynyň alymlary adamyň biomehaniki ýöremesini öwrenip, horlanmak üçin ýöremek peýdasyz diýen netijä geldiler. Adam ýöräninde dabandan peýdalanmak bilen, energiýany tygşytlaýar. Horlanmak üçin bolsa köp energiýa sarp etmeli. Gözegçileriň pikiriçe, munuň üçin aýagyň ujynda ýöremek zerur. Şonda energiýa sarp edilişi 83 göterim ýokarlanar.

Aýagyň ujynda ýöräniňizde aýak myşsalary we dyz bogunlary has çalt işleýär.  Endokrinolog lukman, diýetolog we sport lukmançylygynyň hünärmeni Alekseý Kalinçow : «Aýagyň ujunda ýöremek skeletde, dyzlarda we boýun-gerdende ortaça ýük döredýär. Şonuň üçin aýagyň ujunda ýöremegi semiz adamlara maslahat berip bolmaýar. Olar şonsuzam agyr agramdan ezýet çekýärler. Beýlekiler bolsa, köplenç, oturyp işleýänler wagty-wagty bilen ýaýdanmazdan on minut aýak ujynda ýörese,semizlik howpuny aradan aýyryp bilerler» diýip, «Mir Nowosteý» gazetine beren söhbetdeşliginde aýdýar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-yhg-nin-mohum-ylalasygyna-gosuldy/

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar