TEHNOLOGIÝA

Awtoulaglaryny doly elektrik toguna geçirer

Ýaponiýanyň awtoulag kompaniýasy “Toyota” ählumumy howa maýylganlygyna garşy göreşmek babatda elektrik ulaglarynyň öndürilişi barada beýanat berdi. Kompaniýa 2035-nji ýyla çenli Ýewropada awtoulag satuwynyň diňe elektrik modellerinden ybarat boljakdygyny aýtdy.

Metbugat ýygnagynda bellenilip geçilişi ýaly, “Toyota” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli modelleriniň azyndan ýarysynyň elektrik we wodorod ýangyçly ulaglardan ybarat boljakdygyny mälim etdi.

“Toyota” elektrik we gibrid awtoulaglar ýaly elektrikli awtoulag satuwynyň geljek ýyl Ýewropada awtoulag satuwynyň 2021-nji ýyldaky 1,07 milliondan 1,3 million töweregi köpelmegine kömek etjekdigini aýtdy.

Mundan ozal ABŞ-nyň awtoulag kompaniýasy “Ford” 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky satuwlarynyň doly elektrik boljakdygyny mälim etdi.

 

Braziliýanyň Prezidenti Russiýa sapar eder

 

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy