PEÝDALY MASLAHAT

Awtoulaglary fiziki şahslar tarapyndan satmak-satyn almak amalyny ýerine ýetirmegiň tertibi.

Satmak – satyn almak şertnamasyny ýazdyrmazdan öň:

  1. Awtoulagy Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýlaryny anyklaýyş merkezinden ýa-da onuň ýerlerdäki nokatlaryndan awtoulagy gözden geçirmeli.
  2. Awtoulagy satýan raýatyň awtoulagyň bellige alnanlygy hakynda güwänamasy esasynda sürüji tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulanlygy üçin jerimäniň ýokdygy barada bellik etdirmeli.

Awtoulaglary fiziki şahslar tarapyndan satmak- satyn almak (pasportynyň asyl nusgalary bilen satyjynyň we alyjynyň hökmany gatnaşmagynda) amallary PÝGB-niň Bellige alyş we synag bölümçesinde we onuň ýerlerdäki nokatlarynda amala aşyrylýar. Eger-de awtoulagyň eýesi Döwlet notarial edarasynyň üsti bilen başga bir raýata awtoulagy satmaga, alyş-satyş şertnamasyna özüniň adyndan gol çekmäge, PÝGB-de öz ýerine wekili bolmaga ynanýandygy barada ynanç haty beren ýagdaýynda ulagyň eýesiniň pasporty ýa-da onuň nusgasy bolmagy hökmandyr.

17.06.21 y · Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

Ýene-de okaň

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti işe çagyrýar

«Ýazga durmak» hyzmaty dolulygyna sanlylaşdyryldy

“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

Ata Watan Eserleri

12-18-nji ýanwar: Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bildirişi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady