Murgap derýasynyň suwunyň mukdary mindan beýläk awtomatik ýagdaýda ölçeniler. Munuň üçin Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komoitetine ýokary tehnologiýaly enjamlaryň toplumy gowşuryldy.
Awtomatiki suw ölçeýji enjamlar derýanyň Türkmenistandaky çäginiň 14 nokadynda ornaşdyrylar. Olaryň kömegi bilen suwa joşmalary barada öňünden habardar bolmak mümkinçiligi dörär. Şeýlelikde, suw daşgynlary bilen bagly heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni alyp bolar.
Bu iş Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin daşky gurşaw merkeziniň (CAREC) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» (Akylly suwlar) taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.