SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awtokombinat: Dowamat-dowam we Tehnologiýalar binasyna täze gatnaw

«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag ýolagçylaryna edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň paýtagtynda täze awtobus gatnawyny ýola goýdy.

«Dowamat-dowam» binasyna çenli….

110 belgili awtobus «Awtokombinat» duralgasyndan «Dowamat-dowam» binasyna çenli ýolagçylary gatnatmaga ýardam eder.

Ýol gatnawy A. Nyýazow geçelgesinden ― Gündogar köçesinden ― Oguzhan köçesinden ― B. Annanow köçesinden ugur alyp, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyna ― B. Annanow köçesine ― Magtymguly şaýoluna ― Andalyp köçesine ― Görogly köçesine ― “Dowamat-dowam” binasyna çenli hereket eder. Awtobusyň gatnawy yzyna hem şol ugur boýunça amala aşyrylar.

«Tehnologiýalar binasy» binasyna tarap….

128 belgili awtobusyň ýol gatnawy «Awtokombinat» duralgasyndan «Tehnologiýalar binasy» binasyna (Magtymguly we Taslama köçeleriniň aýlawy) çenli amala aşyrylar.

Paýtagtymyzyň çäginiň giňelmegi we onuň çetlerinde täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy bilen soňky ýyllarda 15, 46, 75, 77, 102, 103, 128 we beýleki belgili birnäçe awtobuslaryň gatnawy işe girizildi.

Şäherara awtobus gatnawlarynyň täze tertibi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar