PEÝDALY MASLAHAT

Awtobuslary onlaýn görnüşde sargyt etmegiň nyrhlary

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy fiziki şahslara, şeýle-de hususy kärhanalara we döwlet edaralaryna awtobuslary onlaýn görnüşde sargyt etmek hyzmatyny hödürleýär. Sargydy şu ýerden ýerine ýetirip bilersiňiz. Bu barada “awtoulag.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Awtobusy gezelençler, iş ýygnaklaryny we maslahatlary guramak, şeýle hem işgärleri iş ýerlerine we öýlerine daşamak üçin sargyt edip bilersiňiz.

Hyzmatlaryň tölegi:

  • Fiziki şahslar we hususy kärhanalar üçin — bir sagadyna 130 manat;
  • Döwlet edaralary üçin — bir sagadyna 80 manat.

Awtoulagyň iberilýän ýerine gelmegi we yzyna gitmegi üçin hem aýratyn töleg tölenýär. Sargyt edilende hökmany öňünden töleg geçirilmelidir.

Ulagy peýdalanmagyň gysga möhleti 1 sagatdyr.

Sargyt etmek üçin ýüz tutma habarnamasy ulagyň berilýän wagtyndan azyndan 24 sagat öň iberilmelidir.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 12) 44-33-90;

(+993 12) 44-33-91;

(+993 12) 44-33-59.

 

Hindistanda ilkinji wirtual dünýäde toý guraldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy

ABŞ-daky sportdaky zenanlar maksatnamasy üçin arzalar kabul edilýär

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: Onlaýn kabulhana» hyzmaty

Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarman ugry boýunça okuwa çagyrylýar

Türkmenistandan Koreýa Respublikasyna ýolagçylaryň dykgatyna!