DÜNÝÄ

Awstriýanyň täze Premýer-ministri kasam kabul etdi

Awstriýanyň täze kansleri Karl Nehammer kasam kabul edip, täze wezipesine girişdi. Ol bu ýokary döwlet wezipesinde Aleksandr Şallenbergiň ýerine geçdi. Aleksandr Şallenberg bolsa, ýurduň daşary işler ministri wezipesini dowam etdirer.

Täze hökümetiň ilkinji wezipeleriniň biri hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bolar. Resmi dabarada Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek wezipesiniň öňdäki orunda durýandygyny belläp, muňa şu dabara gatnaşýanlaryň ählisiniň hem agyz-burun örtügini dakynýandygynyň hem subutnama bolup durýandygyny belledi. Prezident Wan der Bellen bilelikde pandemiýa garşy barlyşyksyz alnyp baryljak göreşiň möhümdigini aýtdy.

Kansler Karl Nehammer dabarada eden çykyşynda: “Kansler wezipesine çynlakaý we hormat bilen çemeleşerin, sebäbi biziň etmeli ajaýyp işimiz bar. Koronawirus adamlar üçin agyr ýük boldy” diýip belledi.

Awstriýanyň ozalky kansleri Sebastýen Kursuň wezipesinden meýletin çekilmegi bilen ýurtda täze kansleri bellemek boýunça degişli işler geçirildi. Gysga wagtlygyna Aleksandr Şallenberg hökümetiň başyna geçdi.

Soňra bu wezipä Karl Nehammer bellendi. Karl Nehammer 2017-nji ýyldan bäri Awstriýanyň 5-nji kansleri boldy.

 

Kosmosda surat çeker

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi