SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awazada dynç almak üçin Online rugsatnama

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Migrasiýa gullugynyň edaralaryna baryp ýüztutmazdan wagtyňyzy tygşytlamak maksady bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýänler üçin online hyzmat hödürleýär. Internet arkaly ýurdumyzyň islendik künjeginden ýüztutmak şeýle hem ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýän bu online hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki Şahsy otagy  hasaba almalydyr.

Şahsy otaga nädip hasaba alynmaly?

“Şahsy otagy döretmek” yazgysyna basyň.

Ulanyjy adyňyzy, telefon belgiňizi görkeziň we barlag kodyny giriziň. Soňra “Agza bolmak” düwmesine basyň.

Tassyklama kody bilen SMS-e garaşyň.

SMS-den alnan tassyklama koduny giriziň we hasaba almagy tamamlamak üçin “Tassyklamak” düwmesine basyň

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan dynç aljaklar üçin ýollama hatlary berilýär.

Raýatlar ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web sahypasynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik edip Awaza dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin elektron rugsatnama resmileşdirmeli.

Awaza dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin elektron rugsatnama resmileşdirmek üçin Migrasiýa gullugynyň resmi web sahypasynyň onlaýn hyzmatlar bölegine geçip ol ýerden “Onlaýn bellige alyş“ ulgamyna girip şahsy otagy döretmeli.

Şahsy otaga gireniňizen soňra “Şahsy maglumatlar” düwmesine basyp şahsy maglumatlaryňyzy we şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamaňyzyň soralýan nusgalaryny ýükläň.

Şahsy maglumatlaryňyzy dolduranyňyzdan soňra “Awaza dynç alyş rugsatnamasyny resmileşdirmek” düwmesine basyp dynç aljak myhmanhananyň adyny we dynç aljak senäňiz barada maglumatlary doldurmaly.

Maglumatlar girizilenden soňra Migrasiýa gullugy tarapyndan seljerilýär.

Seljerme tamamlanandan soňra şahsy otaga we görkezilen telefon belgä sms habar iberilýär.

Awaza dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwürinde elektron rugsatnama resmileşdirmek üçin aşakdaky resminamalar zerurdyr:

1.Pasportyň nusgasy;

2.Ýollama hatynyň göçürmesi.

3.Sanjym Güwanamasynyň göçürmesi.

 

Üns beriñ! habarlarymyzy wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz  Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri we habarlary añsatlyk bilen tomasa edip bilersiñiz! Şu wagt giriň we barlap görüň, beýle hyzmat hem bar eken diýersiňiz!

 

“Awaza”: 15-nji maý – 1-nji sentýabr aralygynda dynç alnar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder