JEMGYÝET

Awaza: ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça iş maslahaty geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Iş maslahatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow hem hasabat bilen çykyş etdi.

  • Wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawyna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy.
  • Syýahatçylyk zolagynda girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi.
  • Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.
  • Möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibi, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygy üpjün etmek maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da wideo gözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy boýunça çäreler görüldi.
  • Suwda halas edijileriň gije-gündizlieýin nobatçylygy ýola goýuldy.
  • Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär.

Awaza: ýollanma hatlary berlip başlandy

Related posts

Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Ata Watan Eserleri

Neşe serişdelerine garşy aýgytly göreş: 122 kg neşe serişdeleri ýakyldy

Türkmenistan’daki tarihi mekanlar için fon oluşturuldu

vepa