JEMGYÝET

Awaza üçtaraplaýyn sammiti: möhüm ylalaşyklara gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammiti geçirildi.

Şol sammitde ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.

Sammitiň tamamlanmagy bilen birnäçe möhüm üçtaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynda ilki bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Gol çekilen möhüm resminamalaryň hatarynda,

  • Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  • 2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama;
  • Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň  arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär