MEDENIÝET

“Awatar: suwuň ugry” filmi 855 million dollar gazandy

Ilkinji kinosyndan 13 ýyl soň “Awatar” filminiň dowamy bolan 2-nji kinosy “Awatar: suwuň ugry” filmi tutuş dünýäde kinoteatrlarda görkezilýär. 16-njy dekabrda kinoteatrlarda görkezilip başlanan bu filmiň 855 million dollar gazanandygy mälim edildi.

Bu görkezijiniň 254 million dollar ABŞ-nyň kinoteatrlaryndan gazanan girdeji boldy. bilermenler, ABŞ-da howanyň aşa sowamagy biletleriň satuwyna öz täsirini ýetirdi.

“Disney” kinoprokatynyň bölüm müdiri Tonu Çembers beren beýanatynda tomaşaçylaryň koronawirus pandemiýasyndan gorkup, kinoteatrlarda gelmekden gaça durýandygyny belledi.

Muňa garamazdan, kinoteatrlardaky girdejisi ýokarlanyp barýar. Filmiň girdejili film bolmagy üçin ýene-de ep-esli möçberde girdeji gazanmagynyň zerurdygy bellenilýär.

2009-njy ýylda surata düşürilen “Awatar” filminiň ilkinjisi 2.9 milliard dollar girdeji gazanypdy.

Täze filmde ozalky kinoda hem surata düşen Sem Wortington, Zou Saldanýa, Sigorni Wiwer, Stefen Lang dagynyň hataryna Keýt Winslet, Kliff Kurtis ýaly artistler hem goşuldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy