“Audi” kompaniýasy Hytaýda 30 milliard ýuan (takmynan 4,5 milliard dollar) maýa goýum bilen elektrik awtoulag zawody gurýar.
Elektrikli awtoulaglaryň meşhur bolýan döwründe köp markalar uly maýa goýumlaryny goýýarlar we täze zawodlar açýarlar. Awtoulag öndürijileri soňky döwürde bu zawodlar üçin Hytaýy has amatly bazar hasaplaýarlar
Nemes awtoulag öndürijisi “Audi” Hytaýyň Jilin welaýatynyň merkezinde 30 milliard ýuan (takmynan 4,5 milliard dollar) maýa goýumly elektrik awtoulag zawody gurýar.
“Audi” we Hytaýyň awtoulag öndürijisi “First Automobile Works” (FAW) bilen hyzmatdaşlykda dörediljek zawodyň düýbi tutuldy.
“Audi” tarapyndan Hytaýda doly elektrik ulaglaryny öndüren ilkinji zawod bolan bu desganyň 2024-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Bu zawod ýylda 150 müň awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär.
Hytaý dünýädäki elektrik ulaglary üçin iň uly bazardyr. Audit we maslahat beriş hyzmatlary kompaniýasy “PwC Strategy” şereketiniň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda dünýäde batareýa bilen işleýän 3 elektrik ulagynyň 2-si Hytaýda satyldy.
Şeýle hem bu ýurt nemes awtoulag öndürijileri üçin iň uly bazardyr. Maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurtda satylan ulaglaryň 39 göterimi nemes kompaniýalary tarapyndan öndürildi.
1-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama