JEMGYÝET

“Atavatan Türkmenistan”: Täzelen saýtymyz siziň hyzmatyňyzda

Turkmenistan

Ata Watanymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan üstünlikleri hem-de oňyn özgertmeleri dünýä köpçüligine ýetirmek ugrunda uly tagalla edýän Halkara “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” internet saýty täzelenen görnüşde siziň hyzmatyňyzda. Okyjylar köpçüligine has amatly hem-de özüne çekiji internet saýty hödürlemek üçin tehniki we döredijilik toparymyz bilen saýtymyzyň dizaýny gowulandyrmak hem-de onuň içindäki maglumatlara has içgin aralaşmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen degişli işler geçirildi. Bu ugurdaky tehniki işler tamamlanyp, saýtymyzy siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

INTERNET SAHYPAMYZYŇ AÝRATYNLYKLARY:

Habarlar:

 Internet sahypamyzyň esasy maksady Türkmenistan bilen baglanyşykly habarlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekdir. Saýtymyzda habarlar 6 ugra bölünip, okyjylar köpçüligine ýetiriler. Gündelik we syýasy habarlar “Umumy” bölümde berler. Mundan başga-da, “Dünýä”, “Ykdysadyýet”, “Sport”, “Tehnologiýa” we “Durmuş” ýaly ugurlar boýunça bölümlerde habarlarymyz öz mynasyp ornuny alar. Hususan-da , tehnologiýa, sungat, ykdysadyýet, sport ýaly dünýäniň gyzykly habarlary türkmen dilinde size ýetiriler. Saýtymyza ýerleşdirilen iň soňky habarlardan habardar bolmagyňyza mümkinçilik berýän “Iň soňky habarlar” bölüminiň hem siziň göwnüňizden turar diýip, umyt edýäris. “Esasy Habar” bölümimizde döredijilik toparymyz tarapyndan has möhüm habarlar dykgatyňyza ýetiriler.

Teswirler:

Halkara “Atawatan Türkmenistan” žurnaly hökmünde diňe bir gündelik habarlary çap edýän internet sahypasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dürli mowzuklarda bilermenleriň taýýarlan makalalar toplumlaryny hem dykgatyňyza ýetireris. Şonuň üçin ýörite “Teswirler” bölümini döretdik. Bu ýerde akademikleriň, deputatlaryň, žurnalistleriň we döredijilik işgärleriniň makalalary ýerleşdireris.

Söhbetdeşlik:

Bu  bölümimizde Türkmenistanda meşhurlyk gazanan sungat işgärleri bilen söhbetdeşlikler gurap, şol söhbetdeşlikleri “Söhbetdeşlik” bölümimizde size ýetireris. Geljekde bu bölümiň işini has-da giňeldip, uly göwrümli işleri durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris.

Sizden gelenler:

 Okyjylarymyz  käbir mowzuklarda taýýarlan habarlaryny we makalalaryny “Sizden gelenler” bölüminde okap bilersiňiz. Şeýlelikde okyjy-döredijilik topary arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidip, ähli okyjylar köpçüligimize has gyzykly makalalary ýetirmegi göz öňünde tutýarys.

“Multimediýa habarlar”:

Internet sahypamyzda suratly we wideoşekilli habarlary hem taýýarlap, siziň dykgatyňyza ýetireris. Bu ugurdaky işlerimizi has-da giňelderis.

“Ata Watan Eserleri”:

 Geçen  ýyl başlan we üstümizdäki ýylda hem dowam edýän “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigimiz okyjylar köpçüliginiň giň gyzyklanmasyna eýe boldy. Golaýda badalga beren bäsleşigimize hödürlenen eserleri hem şu gün siziň dykgatyňyza ýetirip başlarys. Okyjylarymyzyň bu döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleri has çalt we ýeňil tapmagy üçin we beýleki habarlar we makalalar toplumyndan tapawutly bolar ýaly “Ata Watan Eserleri” bölümini döretdik.

Diller:

Internet sahypamyz türkmen, türk we iňlis dillerinde bolar. Bizde taýýarlanan habarlar beýleki dillere terjime edilmän, her habar öz dilinde taýýarlanýar. şonuň üçin internat sahypamyzyň “diller” bölüminden beýleki dilleri hem saýlap, şol dildäki habarlary okap bilersiňiz. Käbir habarlar terjime edilip, saýtymyza ýerleşdirilýär. Saýtymyzda rus dilindäki habarlary belli bir wagtlygyna soňa goýduk.

“Beýleki serişdeler”:

Internet sahypamyzda senenamadan tapyp, ozalky habarlary hem okap bilersiňiz. Mundan başga-da, “ Iň soňky habarlar”  we şu wagta çenli neşir edilen žurnallar hakynda maglumat almak üçin “Neşirlerimiz” ýaly serişdelerden peýdalanyp bilersiňiz.

“Jemgyýetçilik tory”:

Häzirki  döwürde okyjylar iň täze habarlary jemgyýetçilik torlary arkaly öwrenýärler. Şonuň üçin “Facebook”, “Instagram”, “Twitter” ýaly jemgyýetçilik tor hasabymyz hem-de “You Tube” ýaýlymymyz hem saýtymyzda ýerleşdirildi.

Saýtymyz bilen baglanşykly bellikleriňizi we tankytlaryňyzy turkmenlawyer@hotmail.com salgysynyň üsti bilen bize ýetirip bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys