Hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Biz sizi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ylhamly göwünlere ganat berjek ýene-de bir täze bölümimiz bilen begendirmek isleýäris. Saýtymyzda täze açylýan “Ata Watan ylhamy” atly bu bölüm şygryýet dünýäsiniň häzirki ylhamy, döwürdeş şahyrlarymyzyň iň ajaýyp goşgularyny siziň bilen paýlaşar. Redaksiýamyzyň salgysyna gelýän goşgular seljeriler we iň mynasyplary sahypamyzda goýular. Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir. Adyňyz, familýaňyz e-mail salgyňyzda hökman görkezilmelidir. Eger isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy.
“Ata Watan Ylhamy” sahypamyzyň aşagynda her bir goşgy/goşgylar üçin ýörite “teswir” bölümi açyldy. Okyjylar goşgular baradaky öz pikirlerini we belliklerini goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilerler.
Goşgular baradaky pikirleriňize we edebi tankytlaryňyza garaşýarys!