JEMGYÝET

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda hasaba alnan halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri bolan “Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda täze mümkinçilikleri hödürleýär.

Dünýäniň öňdebaryjy habar agentlikleri bolan “Reuters”, “Associated Press”, “France-Presse”, “Russia 24″ we “TRT” ýaly halkara gulluklar bilen bir hatarda çykyş edýän “Ata Watan Media”, sahypasyny köp reklama bilen doldurmakdan saklanyp, maglumatlaryň hiline we okyjylara ýetirilýän täzelikleriň ygtybarlylygyna aýratyn üns berýär.

Media gullugynyň beýan etmegine görä, işleriň durnukly alnyp barylmagy üçin reklama girdejileri wajyp orny eýeleýär. Şol bir wagtda, neşirleriň häzirki güne çenli dowam etdirilmeginde esaslandyryjylaryň şahsy goldawy we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýaty möhüm ähmiýete eýedir.

Köp sanly okyjylardan gelen teklipleri göz öňünde tutup, “Ata Watan Media” häzirki wagtda dürli görnüşli reklama hyzmatdaşlygyny kabul edýär.
Reklama hyzmatlary boýunça habarlaşmak üçin:
📧 atawatanreklam@gmail.com
📞 +993 62 94 14 09


Täze mobil applikasiýalar: “Atavatan Türkmenistan” we “Makul Sözlük”

“Ata Watan Media” tarapyndan ýakyn günlerde “Atavatan Türkmenistan” iOS applikasiýasy hem-de “Makul Sözlük” iOS applikasiýasy ulanyjylara hödürlenmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de okyjylar Google Play Market arkaly:
📱 Atavatan Turkmenistan — habar saýty,
🎥 Atavatan TV — wideo saýty,
📘 Makul Sozluk — sözlük applikasiýasy
diýip gözleg geçirip, degişli programmany ýükläp alyp bilerler.

Ulanyjylar applikasiýalaryna baha berip, halan ýagdaýynda 5 ýyldyz goýup bilýärler .

“Makul Sözlük” hyzmatyndan makulsozluk.com salgysy arkaly hem peýdalanyp bolýar.
Sözlükde çagalaryň oýunlaryň üsti bilen iňlis dilini öwrenip bilýän ýörite bölümler bar. Şeýle hem bu programma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda kitap görnüşinde neşir edilip, “Amazon” arkaly satuwa çykaryldy.


Makul Hyzmat Terjime Merkezi – jemgyýet bähbitli işler ugrunda

“Ata Watan Media” ähli media taslamalaryny “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň goldawy bilen alyp barýar.
Bu merkeziň döredilmeginiň esasy maksady — gazanylan girdejileri jemgyýet üçin peýdaly intellektual taslamalara gönükdirmekden ybaratdyr. Bu ugurda üstünlikli işleri amala aşyran merkez, geljekde hem şol ýörelgäni dowam etdirmäge taýýardyr.

Terjime hyzmatlary boýunça habarlaşmak üçin:
📧 makulhyzmat@gmail.com
📞 +993 12 96 48 55
📞 +993 63 78 96 73

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar