DÜNÝÄ

Astana şäheri şenbe gününe gar bilen başlady

Bahar paslynyň aprel aýynyň ortalarynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde gar ýagdy. Gazak paýtagtynyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary şenbe gününe gar bilen başladylar.

Hakykatdan hem aprel aýy şäheriň raýatlaryna garaşylmadyk sowgat taýýarlady. Adatça, penşenbe güni howanyň temperaturasy 18 dereje ýetdi. Anna güni bolsa, howa üýtgäp başlap, agşamara ýagyş ýagdy. Şenbe güni irden bolsa, gar ýagdy.

Ýurduň resmi habar gullugynyň habar bermegine görä, şäherde gar dowam edýär. howanyň derejesi 7 dereje sowuk. Meteorologiýa gullugynyň hünärmenleri howanyň birnäçe gün şeýle ýagdaýda dowam etmegine garaşylýandygyny belleýärler.

Şeýle hem Gazagystanyň beýleki sebitlerinde hem howa üýtgäp, sowuk akym bilen gurşalyp alyndy.

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk