Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň diplomatlary 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Wolgina Matren Grigoreýnanyň öýüne bardylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Şu gün 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Wolgina Matren Grigoreýna 100 ýaşady. Diplomatlar uruş weteranyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň adyndan gutlaglaryny ýetirdiler.
– Batyrlygyňyz üçin sag bolsun aýdýarys, ýubileýiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, size saglyk, abadançylyk we üstünlik arzuw edýäris! – gutlagda bellenilýär.
