DÜNÝÄ

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi.

2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30-ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreleriň tertibine, guramaçylyk we mazmuny bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Hususan-da, şu ýylyň iýunynda Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKSOÝ ugry boýunça möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň – 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de şol ýylda gadymy türkmen şäheri – Änewi türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi boýunça meseleleri boýunça pikir alşyldy

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi