JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

20204-nji ýylyň 4-6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Türkmen paýtagtynda doganlyk Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramak asylly däbe öwrüldi. Üstümizdäki ýyl bu sergi 11-nji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler toplumynda geçirilmegi göz öňünde tutulan bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýäniň “Uluslararası Meridyen Fuarcılık” kompaniýasy tarapyndan gurnalar.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler – senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkeziler.

Sergi türkmen we türk işewürleri üçin hyzmatdaşlyk etmek, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýumlaryny giňeltmäge şert döreder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary

Türkmenistan bilen Hindistan ýokary derejeli saparlary gurnar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Ata Watan Eserleri

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi