SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Garadaşaýak” ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Saglyk öýüniň desgalar toplumynyň gurluşygy ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilip, onuň esasy binasy iki gatdan ybaratdyr. Bu ýerde daşary döwletleriň iri önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary ornaşdyryldy. Saglyk öýünde Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň çagyryş gullugy, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlar, dolandyryş, fiziobejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa bölümleri bar. Saglygy goraýyş işgärleri bu bölümleriň otaglarynda ornaşdyrylan enjamlar, olaryň aýratynlyklary barada dabara gatnaşyjylary ýakyndan tanyşdyrdylar. Meselem, oftalmolog lukmanynyň otagynda Ýaponiýanyň “Topcon Healthcare” kompaniýasynyň «KR-800» häzirki zaman oftalmologik anyklaýyş we bejeriş enjamlar toplumy ornaşdyrylypdyr. Ol gözüň görüş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir. Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň önümi bolan «Healthineers AG Acuson NX3» ultrases lukmançylyk enjamy ultrases barlaglaryny geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Fiziobejergi bölüminde kesellemezden öň bedende döreýän üýtgeşmeleri öwrenmek, alnan netijeleriň esasynda öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin ähli şertler bar.

Soňra dabara gatnaşyjylar şöhle bilen anyklaýyş bölüminde gurnalan «MULTIX Impact» sanly rentgen we flýurografiýa enjamynyň işi bilen tanyşdylar. Emeli aň ulgamy utgaşdyrylan rentgenografiýa enjamy rentgen barlaglaryny ýokary takyklykda, telemedisina usulynda uzak aralykdan hem alyp barmaga mümkinçilik berýär. Saglyk öýüniň barlaghana bölüminde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylypdyr. Saglyk öýünde ýürek, diş, maşgala lukmanlarynyň işlemegi, sanjymlaryň geçirilmegi üçinem ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýere geljekler gysga wagtda zerur bolan lukmançylyk maslahatlaryny alyp, ýokary takyklykda işleýän enjamlaryň üsti bilen lukmançylyk barlaglaryndan geçip bilerler. Saglyk öýüniň dermanhanasynda zerur derman serişdelerini tapmak mümkin.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär