Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.
Lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.
Paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna wajyp ähmiýet berilmelidigini belläp, alym Arkadagymyz bu babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy babatda degişli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine we agentligiň wekilleri bilen maslahatlaryň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, esasy üç ugra aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
- Şunuň bilen baglylykda, täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döredilmelidir. Bu bölüm lukmançylygyň halkara talaplaryna, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we şeýle seljeriş-intellektual bölümiň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
- Ikinjiden, bu bölümiň işini kämilleşdirmek üçin sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş oglan-gyzlary saýlap-seçmeli. Bu ýaşlar hemişe täzeçilligiň gözleginde bolup, alyp barjak işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar, işinde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar diýip, Milli Liderimiz belledi.
- Gahryman Arkadagymyz üçünji teklibiň bu bölüme ýaşlar saýlanyp alnanda, olaryň köp sanly daşary ýurt dillerini bilmekleriniň, iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý, rus dillerini giňden özleşdirmekleriniň zerurdygyndan ybaratdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde işlejek lukmanlar öz alan bilimleri we öwrenen tejribeleri esasynda dogry, dürs çözgüt kabul etmegi başarmalydyrlar.
Alym Arkadagymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümi döretmek, bu merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň bu künjeginde lukmanlar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar baglarynyň, şäher saglyk öýüniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.