Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammiti geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem maý aýynda medeniýet ministrleriň halkara maslahaty geçiriler.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylyň ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigini belläp, Magtymguly Pyragynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maý aýynda medeniýet ministrleriň derejesinde halkara maslahaty geçirmek hem-de oktýabr aýynda bolsa, Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde sammiti geçirmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady we wise-premýere iri halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
