MEDENIÝET

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gazananlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň dürli künjeginde okuwda, ylymda, döredijilikde, aýdym-sazda, sport ýaryşlarynda özlerini ajaýyp görkezen, döwlet hem halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş eden ýaş zehinler bäsleşigiň ýeňijileri boldy.

Netijede köp sanly ýeňijiler yglan edildi. Ýetginjek oglan-gyzlar bäsleşigiň ýadygärlik diplomlaryna we gymmatly sowgatlara mynasyp boldular.

Ýeňijileriň hatarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Baýramgeldi Orazgylyjow hem bar.

Bu Baýramgeldiniň şeýle uly bäsleşiklerde gazanan ilkinji üstünligi däldir. Ol mundan ozal 2022-nji ýylda “Merdana nesil” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda hem ýeňiji bolmagy başarypdy.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl berilýän Gulbaba adyndaky çagalar baýragy zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşýanlar etrap we welaýat derejesinde birnäçe saýlaw tapgyryndan geçýärler. Ähli tapgyrdan üstünlikli geçenler döwlet derejesinde çykyş etmäge mümkinçilik alýarlar.

Gulbaba adyndaky baýragy alanlaryň hormatyna Söwda-senagat edarasynda şu ýylky bäsleşigiň ýeňijileriniň çykyşlaryndan ybarat bolan uly konsert boldy.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi