DÜNÝÄ

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýalda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen bu çärä Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli,  ilçihananyň işgärleri, Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hemmeleri Ýalda gijesi bilen tüýs ýürekden gutlap, Ýalda gijesiniň däp-dessurlary barada gürrüň berdi.

– Ýalda sözi dogulmagy, täzeden dünýä inmegi aňladýar we bu ýedi müň ýyl mundan ozal eýranlylaryň arasynda geçirilýän baýramydyr. Ýalda gijesiniň ýa-da Çille gijesiniň mowzugy, güýzüň soňky gijesinde ýylyň iň uzyn gijesi hökmünde uly joşgun bilen bellenilýän Eýranyň iň gadymy baýramlaryň biridir – diýip, ilçi öz çykyşynda belledi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasul bolsa öz çykyşynda: ” Eýranly alym Abu Reýhan Biruni, Ýalda gijesini Milad Akbar diýip atlandyrýar we bu Günüň Miladasyny aňladýar, bu günden başlap gün nury köp şöhle saçýandygyny we ösüşiň başlanýandygyny aňladýar. Yalda gijesiniň taryhy örän uzak geçmişden gözbaş alyp gaýtýar. Käbir arheologlar Ýalda gijesiniň taryhyny ýedi müň ýyllyk diýip hasaplaýarlar. Olar daş döwrüne degişli Palçykdan ýasalan gap-gaçlary mysal getirýärler. Bu gap-gaçlarda goç we akrap ýaly Eýran aýlarynyň we haýwanlaryň şekilleri bar” diýip belledi.

Dabaranyň dowamynda “Ýalda” baýramynyň taryhy, medeni aýratynlyklary we däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy. Dürli goşgular we sazlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi