PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 09-njy iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, ýagny sagat 09.00-dan-12.00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda

 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

 Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi

Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy                                                          tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy                                   tel: 37-46-68

Berkararlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy                                   tel: 37-46-67

Büzmeýin etraby Oguzhan köçesiniň   8-nji jaýy                                      tel: 35-12-69

Köpetdag  etraby Seýitnazar  Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy                       tel: 92-15-26

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy

S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy                                                     tel: 22-74-07

Ýene-de okaň

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy

ABŞ-daky sportdaky zenanlar maksatnamasy üçin arzalar kabul edilýär

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: Onlaýn kabulhana» hyzmaty

Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarman ugry boýunça okuwa çagyrylýar

Türkmenistandan Koreýa Respublikasyna ýolagçylaryň dykgatyna!