SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ 11-nji awgustdan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýar. Häzirki wagtda Aşgabatdan we welaýatlardan uçýan awiakompaniýanyň uçarlary Balkanabadyň Halkara howa menziline gonýar.

Täze tertibe laýyklykda, Aşgabat bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda her gün yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrylar. T5-241 we T5-247 belgili gatnawlar Aşgabatdan degişlilikde, sagat 06:20 we 18:20-de ugrap, ýol wagty bir sagat bolar.

Mundan başga-da, 11-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli goşmaça uçar gatnawlary giriziler: T5-245 (her gün sagat 10:40-da), T5-249 (duşenbe, sişenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri sagat 22:05-de), T5-243 (penşenbe günleri sagat 22:40-da).

Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça yzyna uçuşlar hem şuňa meňzeş tertipde amala aşyrylar. T5-242 we T5-248 belgili gündelik gatnawlar sagat 08:30-da we 20:30-da meýilleşdirilen, goşmaça tomusky uçarlar bolsa: T5-246 (sagat 12:40-da), T5-250 we T5-244 – hepdäniň günlerine baglylykda, ýarygijeden soň ýerine ýetiriler.

Aşgabat – Türkmenbaşy ugrundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ ýurduň beýleki iri şäherlerine – Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Balkanabat we Kerki ugurlary boýunça hem yzygiderli içerki gatnawlaryny dowam etdirýär.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi